Katar siriýaly bosgunlar üçin 50 million dollarlyk pul kömegini berdi

Ady agzalýan pul kömegi Türkiýedäki, Liwandaky we Iordaniýadaky siriýaly bosgunlara berler

1126755
Katar siriýaly bosgunlar üçin 50 million dollarlyk pul kömegini berdi

 

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani dürli ýurtlardaky siriýaly bosgunlara goldaw bermek üçin 50 million dollarlyk pul kömeginiň berilmegi barada görkezme berdi.

Ady agzalýan pul kömegi Kataryň Galkynyş gaznasy arkaly Türkiýedäki, Liwandaky we Iordaniýadaky siriýaly bosgunlara berler.

Öz ýurtlarynda öýlerini terk etmeli bolan siriýalylar üçin 20 million dollar, Türkiýedäki, Liwandaky we Iordaniýadaky bosgunlar üçin hem her ýurda 10 million dollarlyk pul kömegi berler.

 

 

 

 


Etiketkalar: #pul kömegi , #bosgun , #Katar

Degişli Habarlar