Gruziýada tebigy gazyň partlamagy sebäpli 4 adam ýogaldy

Didi Digomi etrapçasynda guralan partlamada 6-sy çaga 8 adam ýaralandy

Gruziýada tebigy gazyň partlamagy sebäpli 4 adam ýogaldy

Gruziýanyň paýtagty Tibliside tebigy gazyň partlamagy sebäpli 4 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy.

Didi Digomi etrapçasynda guralan partlamada biri çaga 4 adamyň ýogalandygy, 6-sy çaga 8 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Ýaralananlaryň Tiblisidäki hassahanalarda bejeri astyna alynandygy nygtaldy.

Partlama sebapli 9 gatly binanyň hatardan çykandygy, binanyň ýaşaýjylarynyň  başga ýere göçürlendigi bellenildi.

Premýer ministri Mamuka Bakhtadzeniň karary bilen 17-nji ýanwarda ýurtda milli ýas yglan edildi.

 

 

 


Etiketkalar: tebigy gaz , Gruziýa , partlama

Degişli Habarlar