Eýranyň esasy girdejisi bolan nebit eksporty aşaklaýar

Günde ortaça 2,4 million barrel nebit eksport edýän Eýranyň sanksiýalardan soňky satuwy 1 million barrele çenli aşaklady

Eýranyň esasy girdejisi bolan nebit eksporty aşaklaýar

 

Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilen ABŞ-nyň Eýranyň deňiz gatnawyny we energetika pudagyny nyşana alýan sanksiýalaryň ikinji tapgyry 2018-nji ýylyň noýabr aýynda güýje giripdi.

Şol günden bäri Eýranyň Milli nebit firmasyna we Milli tanker firmalaryna halkara derejesinde çäklendirme goýuldy we girdejisiniň esasy bölegi nebite esaslanýan Eýranyň nebit pudagyna sanksiýa goýlupdy.

Sanksiýalardan ozal günde ortaça 2,4 million barrel nebit eksport edýän Eýranyň sanksiýalardan soňky satuwy 1 million barrele çenli aşaklady.

Ýurduň çig nebit eksporty 2018-nji ýylyň başynda 2,4 million barrele barabardy, şol san ýylyň ahyryna çenli ýarysyna çenli aşaklady.

Eýran girdejisiniň 70 göterimini nebit eksportyndan gazanýar.

 

 

 



Degişli Habarlar