“ABŞ-nyň dünýäni gönükdirmäge güýji ýetmez”

Resmi Waşington Eýrana goýan sanksiýalaryndan netije alyp bilmez

“ABŞ-nyň dünýäni gönükdirmäge güýji ýetmez”

 

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif, ABŞ-nyň dünýäni gönükdirmäge güýjüniň ýetmejekdigini aýtdy.

Ýurdunyň Yragyň Kerbela şäherindäki konsullygynda metbugata beýanat beren Zarif “Yrakda ýokary derejeli ýolbaşçylar biziň bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär emma ýerli ýolbaşçylar ABŞ-nyň gegamoniýasyndan gorkýandyklary üçin muny kabul etmeýär” diýdi.

Resmi Waşingtonyň Eýrana goýan sanksiýalaryndan netije alyp bilmejekdigini aýdan Zarif “Amerikanyň hökümeti bu meselede 7 milliard dollar sarp edendigini emma netije alyp bilmändigini boýun aldy. ABŞ-nyň dünýäni gönükdirmäge güýji ýetmez” diýdi.

4 günlük resmi sapar bilen ýekşenbe güni Bagdada baran Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif, Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi, Mejlisiň başlygy Muhammed Al Halbusi we Daşary işler ministri Muhammed Al Hekim bilen duşuşypdy.

 

 

 

 

 

 




 



Degişli Habarlar