Zarif: “Resmi Waşington Tährany özünden daşlaşdyrandygyny kabul etmeli”

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif ýurdunyň ABŞ-nyň isleýşi ýaly “adaty” döwlet bolmajakdygyny belläp, resmi Waşingtonyň Tährany özünden çetleşidirendigini kabul etmelidigini aýtdy

Zarif: “Resmi Waşington Tährany özünden daşlaşdyrandygyny kabul etmeli”

Jawad Zarif döwlet Sekretary Maýk Pompeonyň Eýran baradaky beýanatyna sosial media arkaly jogap berdi.

“ABŞ haçanda bir ýurduň işine goşulyşanda şol ýerde haos, basyş we ýigrenç döredi” diýen Zarif, Pompeonyň “Eýrandan adaty ýurt bolmagyny isleýandikleri” baradaky beýanatyna şeýle jogap berdi: “Eýran haçanda jähennem buza öwrülende ABŞ-nyň oýnatgo dolanşygyna öýküner we Maýk Popeonyň adam hukuklary modellerini iş ýüzüne geçirip “adaty” ýurt bolar. Ol hem ABŞ-nyň bu taýda isleýän Şa dolanşygy ýa-da häzirki gassapçylyk usullary. Şol sebäpli ABŞ Eýrany elinden sypdyrandygyny kabul etmegi ýerlikli bolar.”

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeo Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde İordaniýada beren beýanatynda Eýrandan “adaty” ýurt bolmagyny isleýändiklerini belläp; “Eýrana edilýän basyşy diňe bir diplomatik taýdan däl, eýsem söwda pudagynda-da iki esse artdyrarys” diýipdi.



Degişli Habarlar