Gruziýanyň ilkinji zenan prezidenti wezipesine başlady

Gruziýada 28-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda sesleriň 59,54 göterimini alyp, ýurduň ilkinji zenan prezidentligine saýlanan Salome Zurabişwili kasam edip, wezipesine başlady

1108074
Gruziýanyň ilkinji zenan prezidenti wezipesine başlady

Talawi şäherindäki Şa 2-ji Erekle köşkünde geçirilen kasam ediş dabarasyna Türkiýeden Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý gatnaşdy.

Dabara Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikola Sarkozi, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadow, dürli ýurtlaryň mejlisleriniň başlyklary we ministrleri, diplomatlar hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Prezident saýlawynyň netijelerini ykrar etmeýän, Zurabişwilini prezident hökmünde ykrar etmeýän we şol bir wagtda-da möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin çagyryş edýän “Güýç bileleşikdedir” atly oppozision arkalaşygynyň liderleri hem-de tarapdarlary kasam ediş dabarasyny protest etdi.

Gruziýanyň dürli etraplaryndan dabara gelmäge synanşan oppozision liderler we protestçiler Talawa 40 kilometr alysda polis tarapyndan saklandylar. Polisiň topara başga ýollardan gitmeklerini salgy bermegi sebäpli topar polisiň böwedini aşmaga synanşdy.

 


Etiketkalar: #Gruziýa , #Prezident

Degişli Habarlar