Demirgazyk Koreýa ABŞ-niň soňky sanksiýa kararyna reaksiýa bildirdi

Beýanat Demirgazyk Koreýanyň KCNA agentliginde çap edildi

1108277
Demirgazyk Koreýa ABŞ-niň soňky sanksiýa kararyna reaksiýa bildirdi

 

Demirgazyk Koreýa, ABŞ-niň Gazna ministrliginiň adam hukuklarynyň düzgünlerini bozandygy we senzuralandygy sebäpli aralarynda ýurdyň Döwlet Howpsyzlyk ministri hem bolan demirgazyk koreýaly ýokary derejeli 3 ýolbaşçynyň sanksiýa sanawyna alynmagyna berk garşylyk görkezdi.

Demirgazyk Koreýanyň KCNA agentliginde çap edilen beýanatda, ABŞ-niň soňky sanksiýalarynyň, Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglardan saplanmagy maksadynyň öňüni ahyryna çenli ýapyp biljekdigi beýan edildi.

Beýanatda, ýadro programamsyndan ýüz öwürmegi üçin basyşyny artdyrmagy we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň ýolbaşçylygyndaky hökümeti adam hukuklarynyň düzgünlerini bozandygy baradaky günäkärlemelerini dowam etdirmegi halatynda, amerikaly ýolbaşçylaryň ýalňyş hasaplaryň gurbany boljakdygy nygtaldy.

ABŞ-niň Gazna ministrligine degişli Daşary ýurt emläkleri Gözegçilik ofisi geçen hepdäniň başynda, Demirgazyk Koreýanyň Döwlet Howpsyzlyk ministri Žong Kýong Thaek, Koreýanyň Zähmet partiýasy gullugynyň we dolandyryş departamendiniň müdüri Çoe Rýong Hae bilen partiýanyň Propoganda we agitasiýa departamendiniň müdüri Pak Kwang Honyň sanksiýa sanawyna alynandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar