Argentinada garyplyk soňky 10 ýyllyň iň ýokary çägine ýetdi

Garyplyk esasan 18-29 ýaş aralygyndaky gatlaga agyr zarba urýar

Argentinada garyplyk soňky 10 ýyllyň iň ýokary çägine ýetdi

            Argentinanyň Katolik uniwersitetiniň Sosial şertleri analiz merkeziniň habarnamasynda ýurtda garyplyk derejesinin 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýylyň degişli aýyna görä 5 göterim ýokarlap, soňky 10 ýylyň iň ýokary çägine ýetendigi nygtalýar.

            Şuňa laýylykda 45 milliona golaý ilaty bolan Argentinada 13 milliondan gowrak adam garyplyk şertlerinde ýaşaýar.

            Habarnamada 2,5 million adamyň aşa garyplyk şertlerinde ýaşaýandygy beýan edilýär.

            Harnamada garyplykdan ejir çekýänleriň esasan 18-29 ýaş aralygyndaky raýatlardan ybaratdygy, ýylyň üçünji çärýeginde ýurtdaky çagalaryň we ýaşlaryň ýarysyna golaýynyň garyplyk şertlerinden aşak bolan girdejili öýlerde ýaşaýandygy mälim edilýär.


Etiketkalar: garyplyk , Argentina

Degişli Habarlar