Müsürde Fransiýadaky ýörişleriň simwoly ýagdaýyna gelen sary ýeňsiziň satylmagy gadagan edildi

Associated Press habarlar gullugynyň habarçysynyň berýän habaryna görä, howpsyzlyk güýçleriniň beren duýdyryşyndan soň sary ýeňsiziň satuwy saklandy.

Müsürde Fransiýadaky ýörişleriň simwoly ýagdaýyna gelen sary ýeňsiziň satylmagy gadagan edildi

Müsüriň hökümeti 2011-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndaky halk agdarlyşygynyň başdan geçirlen gününiň öňüsyrasynda Fransiýadaky protest ýörişleriniň simwoly ýagdaýyna gelen sary ýeňsiziň satylmagyny gadagan etdi.

Müsüriň ozalky Prezidenti Hüsnü Mübäregiň wezipesinden çekilmegi bilen netijelenen 2011-nji ýylyň ýanwar aýyndaky halk agdarlyşygynyň başdan geçirlen gününiň öňüsyrasynda howpsyzlyk güýçleri satygçylara we raýatlara sary ýeňsiz satmazlyklary barada duýduryş berdi.

Associated Press habarlar gullugynyň habarçysynyň berýän habaryna görä, howpsyzlyk güýçleriniň beren duýdyryşyndan soň sary ýeňsiziň satuwy saklandy.

Habarda sary ýeňsiziň satuwyna goýlan gadagançylygyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam edip biljekdigi nygtaldy.

Müsürde 2011-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-de başlan protest ýörişleri halk agdarlyşygyna öwrülipdi we 11-nji fewralda 30 ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Hüsnü Mübäregiň wezipesinden çekilmegi bilen netijelenipdi.

Agdarlyşykdan soň geçirlen saýlawda üstünlik gazanan Muhammed Mursi 2012-nji ýylyň 30-njy iýunynda kasam edip wezipesine başlapdy.

Müsüriň demokratiýa arkaly saýlanan ilkinji prezidenti Mursini 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda harby agdarlyşyk bilen wezipesinden çetleşdiren Baş ştabyň başlygy Abdulfettah As Sisi hökümeti ele geçiripdi.

“Sary ýeňsiz” Fransiýada ýangyjyň bahalarynyň ýokarlandyrylmagy we ykdysady şertleriň agyrlaşmagy sebäpli başlan protest ýörişleriniň simwoly ýagdaýyna gelipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar