Ermenistanyň ozalky Prezidenti Robert Koçarýan tussag edildi

Koçarýan aýyplamalary kabul etmedi we özüne syýasy taýdan basyş edilýändigini öňe sürdi

1102923
Ermenistanyň ozalky Prezidenti Robert Koçarýan tussag edildi

Ermenistanda kazyýet, ýurduň ozalky Prezidenti Robert Koçarýanyň 2008-nji ýyldaky protest ýörişlerinde başdan geçirlen we 10 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan wakalar bilen arabaglanşygynyň bardygy üçin tussag edilmegi barada karar kabul etdi.

1998-2008-nji ýyllaryň aralygynda Ermenistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Koçarýanyň tussag edilmegi maksady bilen kazyýete ýüz tutulypdy.

Koçarýan aýyplamalary kabul etmedi we özüne syýasy taýdan basyş edilýändigini öňe sürdi.

Ýerewanyň ýokary kazyýety kanuny ulgamy basgylamakda aýyplanýan Koçarýanyň saklanmagy üçin iýul aýynda karar kabul edipdi.  

Ermenistanda 2008-nji ýylda geçirlen prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirlen protest ýörişlerinde 2-si polis gullukçysy bolmak bilen 10 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar