Fransiýada protest ýörişleri dowam edýär

Protest ýörişlerine 31 müň adam gatnaşdy

1103074
Fransiýada protest ýörişleri dowam edýär

Fransiýanyň paýtagty Parižde “sary ýeňsizlileriň” geçiren protest ýörişinde 575, ýurduň çar tarapyndan bolsa 700 adam saklandy.

Fransiýanyň İçeri işlerden jogapkär Döwlet ministri Laurent Lunez, ýurduň çar tarapynda protest ýörişleri sebäpli saklananlaryň sanynyň 700-e ýetendigini aýtdy.

Frans 2 kanalynda çykyş eden Lunez, ýurtda 31 müň adamyň ýörişlere gatnaşandygyny belledi.

“Sary ýeňsizliler” paýtagt Parižiň başda durmagynda ýurduň çar tarapynda ýangyjyň baharlarynyň ýokarlandyrylmagyna we ykdysady şertleriň agyrlaşmagyna garşy protest ýörişini geçirýär.

Ýörişler sebäpli berk howpsyzlyk çäreleri görüldi, ýurtda 89 müň howpsyzlyk gullukçysy howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin iş alyp barýar.

Pariži bolsa 8 müň howpsyzlyk gullukçysy bilen 12 sowutly ulag goraýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar