"Söwda söweşleri sebäpli global ykdysadyýet uly ýitgi çekýär"

Medwedew ykdysadyýetde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi

"Söwda söweşleri sebäpli global ykdysadyýet uly ýitgi çekýär"

Russiýanyň Premýer ministri Dimitriý Medwedew söwda söweşleri sebäpli global ykdysadyýetiň ýarym trillion dollarlyk ýitgi çekendigini nygtady.

Medwedew paýtagt Moskwada geçiren ýyllyk metbugat ýygnagynda ykdysadyýetde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

Ýaňy ýakynda Daşary ýurtly maýa goýum komiteti atly guramanyň wekilleri bilen duşuşandygyny aýdan Medwedew, “Olar trillionlarça dollary gönükdürýän dünýäniň iň uly firmalarynyň wekilleri we olar rus bazary bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.

Medwedew ABŞ-nyň we günbatarly käbir ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Russiýa goýýan sanksiýalarynyň öňüni almaga çalyşýandyklaryny belledi.

Söwda söweşleri sebäpli global ykdysadyýetiň uly ýitgi çekýändigine ünsi çeken Medwedew, “Sanksiýalar indi döwrümizde tebigy waka ýagdaýyna geldi. Söwda söweşleri sebäpli global ykdysadyýet ýarym trillion dollarlyk ýitgi çekdi. Ýurdumyza goýlan sanksiýalar sebäpli çekilen ýitgi hem 100 million dollara ýetdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar