Owganystanda geçirlen saýlawda galplyk edilendigi sebäpli Kabuldaky saýlawyň netijeleri bes edildi

Owganystanyň Mejlisinde paýtagt Kabul üçin berlen 33 kürsü üçin 800 dalaşgär bäsleşipdi

Owganystanda geçirlen saýlawda galplyk edilendigi sebäpli Kabuldaky saýlawyň netijeleri bes edildi

Owganystanda oktýabr aýynyň 2-21-aralygynda geçirlen saýlawda galplyk edilendigi sebäpli paýtagt Kabuldaky saýlawyň netijeleri bes edildi.

Saýlaw komissiýasynyň metbugat geňeşçisi Ali Reza Ruhani, metbugata beren beýanatynda saýlawda galplyk edilendigi hakynda gelip gowşan arzalar sebäpli paýtagt Kabuldaky saýlawyň netijeleriniň bes edilendigini aýtdy.

Ruhani saýlawda galplyk eden saýlaw komissiýasynyň käbir işgäriniň işden çykarlandygyny nygtady.

Mesele hakynda Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy tarapyndan bolsa heniz hiç hili beýanat berilmedi.

Owganystanyň Mejlisinde paýtagt Kabul üçin berlen 33 kürsü üçin 800 dalaşgär bäsleşipdi.

 

 



Degişli Habarlar