"Russiýanyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyny basgylandygy hakynda delilnama ýok"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurdunyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyny basgylandygy hakynda hiç hili delilnamanyň ýokdygyny aýtdy

"Russiýanyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyny basgylandygy hakynda delilnama ýok"

Putin žurnalistleriň ABŞ-nyň Russiýany ýurdunyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyny basgylamakda günäkärleýändigi hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň beýanatynyň gijä galynan beýanatdygyny aýdan Putin “ABŞ ilki ýurdunyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan çekiljekdigini mälim etdi, soň bolsa näme üçin çekilýändigini düşündirmek üçin bahana gözlemäge başlady. “Russiýa şertnamany basgylaýar” diýdi. Emma hemişe bolşy ýaly biziň şertnamany basgylaýandygymyz hakynda hiç hili delilnama görkezip bilmeýärler” diýdi.

 


 


Etiketkalar: ABŞ , Wladimir Putin

Degişli Habarlar