"Russiýa ýaraglanma dowam eder"

Sergeý Şoýg rus ýaragly güýçleriniň harby ukubyny kämilleşdirmek üçin degişli çäreleri görjekdiklerini aýtdy

"Russiýa ýaraglanma dowam eder"

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ABŞ-nyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan çekilmek kararyna garşy, rus ýaragly güýçleriniň harby ukubyny kämilleşdirmek üçin degişli çäreleri görjekdiklerini aýtdy.

Şoýgu Soçide geçen aý Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda rus ýaragly güýçleriniň 2027-nji ýyla çenli bolan ýaraglanma meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Putiniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda ABŞ-nyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan çekilmek kararyny hem seljerendiklerini ýatladan Şoýgu, “ABŞ-nyň Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan çekilmek kararyna garşy, rus ýaragly güýçleriniň harby ukubyny kämilleşdirmek üçin  görüljek degişli çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar