"Russiýa jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin 60 gün möhlet berdik"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo “ABŞ üçin şertnamany dowam etdirmegiň hiç hili manysy ýok” diýdi

"Russiýa jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin 60 gün möhlet berdik"

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde metbugata beýanat beren Pompeo, Russiýanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeýändigini nygtady.

Pompeo “Russiýanyň şertnamany basgylandygyna garamazdan bir sabyrlylyk bilen çemeleşdik we resmi Moskwanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek üçin tagalla etdik” diýdi.

Resmi Moskwanyň köp sanly orta aralykly “SSJ-8” raketasyny öndürendigini we şertnamany basgylandygyny aýdan Pompeo “täze raketalar Ýewropa ýurtlary taýdan howply” diýdi.

Pompeo “Russiýa jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin 60 gün möhlediniň bardygy barada duýduryş berdik we NATO agza ýurtlar bu meselede şol bir garaýşa eýe”diýdi.


Etiketkalar: Maýk Pompeo , NATO , Belgiýa

Degişli Habarlar