Eýranda on müňlerçe çaga dürli sebäplerden başlangyç bilimden mahrum edildi

Sistan we Buluçistan welaýatynda on müňlerçe çaga dürli sebäplerden başlangyç bilimden mahrum edildi

Eýranda on müňlerçe çaga dürli sebäplerden başlangyç bilimden mahrum edildi

Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sistan we Buluçistan welaýatynyň bilimi meselesi ýurduň iň yzagalak welaýatydygy we munyň howpsyzlyk taýdan esasy mesele bolup durýandygy nygtaldy.

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugy, ýurduň günorta gündogarynda Pakistan serhedinde ýerleşýän Sistan we Buluçistan welaýatynda on müňlerçe çaga dürli sebäplerden başlangyç bilimden mahrum edildi.

Sistan we Buluçistan welaýatyny ýurduň “mahrum welaýatlary” hökmünde häsiýetlendiren Milli bilim ministriniň orunbasary Hasan Newruzi, ýurtda alýan bilimini dowam etdirip bilmeýän 142 müň çaganyň 50 göteriminiň şol welaýatlarda ýaşaýandygyny aýtdy.

Welaýatda esasan gyzlaryň sebitiň halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary sebäpli bilim almakdan mahrum edilendigini aýdan Newruzi, “Bilimden mahrum edilenleriň esasy bölegini kiçi ýaşda maşgalalary tarapyndan zor bilen durmuş gurdurlan, çetki etrapçalarda ýaşaýan gyzlar emele getirýär”diýdi.

Zahidan şäheriniň halk deputaty Ali Ýar Muhammedi bolsa çagalaryň bilimden mahrum edilmeginiň sebitde howpsyzlyk meselesini ýany bilen alyp gelýändigine ünsi çekdi

Muhammedi sebitdäki terrorçy toparlarynyň alýan bilimlerini dowam etdirip bilmeýän ýaşlardan peýdalanýandygyny belledi.

 

 

 


Etiketkalar: mahrum , bilim almak , Eýran

Degişli Habarlar