Hindistanda ok-däri ammarynda partlama boldy

Hadysada 6 adam ýogaldy

Hindistanda ok-däri ammarynda partlama boldy

Hindistanda ýurdyň Ýaragly güýçlerine degişli ok-däri ammarynda bolan partlamada 6 adam ýogaldy.

Ýerli metbugatdaky habarlara görä, Maharaştra ştatynyň Wardha sebitinde ýurdyň iň uly ýarag ammarynyň ýerleşýän ýerindäki ok-däri ammarynda partlama boldy.

Partlamada 6 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.

Resmiler partlamanyň köne ok-däriniň ýok ediliş operasiýasy mahalynda bolandygyny habar berdiler.

Şol ammarda 2016-njy ýylda hem partlama bolupdy, ol partlamada bolsa 16 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: partlama , ammar , Hindistan

Degişli Habarlar