ÝPG/PKK terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysyny 100 Siriýa lirasyna boşatdy

ABŞ DAIŞ-iň ýolbaşçylaryndan Abu Halit Al Suri kodly Jamal Faýýad Al Huseýini ele saldy

ÝPG/PKK terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysyny 100 Siriýa lirasyna boşatdy

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä ABŞ DAIŞ-iň ýolbaşçylaryndan Abu Halit Al Suri kodly Jamal Faýýad Al Huseýini ele saldy

ABŞ-nyň ýerli hyzmatdaşy ÝPG/PKK bolsa oňnin DAIŞ-iň geňeşiniň agzasy diýilýän we nebit känlerinden jogapkär Al Huseýiniň garyndaşlary bilen gepleşik geçirdi.

Şadadi etrabyndaky gepleşige Amerikan esgerlerinin hem gatnaşandygy öňe sürüldi. Al Huseýin 100 million Siriýa lirasy töleg bilen boşadyldy.

ÝPG/PKK DAIŞ bilen ozalam şeýle söwdalaşyklar edipdi. DAIŞ terrorçylarynyň töleg bilen boşadylandygy habar berilipdi. Amerikaly resmiler bolsa söwdalaşyga gatnaşmandyklaryny, emma olaryň ýerli güýçleriň arasyndaky ylalaşyklardygyny öňe sürüpdü.


Etiketkalar: resmiler , esger , terror guramasy

Degişli Habarlar