Gwatemalada Fuego wulkany hereket etmäge başlady

Gwatemalada Ataş wulkany diýip atlandyrylýan Fuego wulkany hereket etmäge başlady

Gwatemalada Fuego wulkany hereket etmäge başlady

Gwatemalanyň Tebigy apat zeperlerini azaltmak Milli koordinasiýa edarasynyň metbugat sekretary Dewid de Leon, wulkanyň herekete geçmegi bilen, wulkanyň golaýyndaky 8 ýaşaýyş ýerinde ýaşaýan adamlaryň howpsyz ýerlere göçürilmelidigini nygtady.

De Leon, wulkanda düýn günüň dowamynda partlamalaryň bolandygyny we halky goramak üçin olary göçürmegiň gerekdigini belledi.

3 müň 763 metr beýiklikdäki Ataş wulkany, Orta Amerikanyň iň işjeň wulkanlaryň biri hasaplanýar.

Fuego wulkanynyň iýun aýyndaky partlamalarynda 194 adam ýogaldy, 234 adam bolsa dereksiz ýitdi.


Etiketkalar: wulkan , Gwatemala

Degişli Habarlar