Eýranyň Prezidenti: “ABŞ-e boýun egmeris” diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-niň ýurduna garşy kabul eden embargo kararynda ýalňyz galandygyny belläp: “Özbaşdak galarys we ABŞ-e boýun egmeris” diýip nygtady

Eýranyň Prezidenti: “ABŞ-e boýun egmeris” diýdi

Hasan Ruhani Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherine guran saparynda eden çykyşynda, ABŞ-niň basyş we zorlugynyň öňünde Eýranyň halkynyň boýun egjekdigini pikir edendigini belläp: “Milletimiz 11-nji fewralda ABŞ-e gerek bolan jogaby berer. Ähli duşmanlarymyz ykdysady we sosial meseleler bilen halkymyzy maksatlaryndan dändirip bilmejekdigine düşüner. Embargolaryň kabul edilen güni bolan 4-nji noýabrda Eýrany bulaşdyryp, dartgynly günlere öwürmek islediler, emma Eýranyň halky berk pozisiýasy bilen ýagdaýdan baş alyp çykdy” diýdi.

ABŞ-niň taryhynda munyň ilkinji gezek bolandygyna ünsleri çeken Ruhani: “Bütin dünýä, ABŞ-niň bir millete garşy kabul eden kararyna garşy çykdy. ABŞ bu kararynda ýalňyz galdy. Bu ýagdaý Eýranyň halky, daşary syýasaty we hökümeti üçin öwünmek taýdan bir çeşme boldy. Özbaşdak galarys we ABŞ-e boýun egmeris” diýip belledi.

Hasan Ruhani ABŞ-niň hökümetini ýüzlenip, sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Biynjalyk bolduňyz we gaharlydygyňyzy bilýärin. Yrak, Siriýa we Ýemende maksatlaryňyza ýetip bilmediňiz, bilýärin. Emma onuň aryny näme üçin Eýranyň halkyndan alýarsyňyz? Öz ýalňyşlaryňyzy gözden geçiriň” diýip nygtady.

ABŞ-niň hökümetiniň Eýranyň halkynyň doganlyk Türkiýe, Yrak we Azerbaýjan halklary bilen bolan gatnaşygyny gowşadyp bilmejekdigini aýdan Ruhani, bu we beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryň günsaýyn has hem güýçlenjekdigini beýan etdi.


Etiketkalar: hökümet , ABŞ , Hasan Ruhani

Degişli Habarlar