Ýemende 18 million adama açlyk howpy abanýar

BMG-na görä, Ýemende 22 milliondan gowrak adam gyssagly kömege mätäç

Ýemende 18 million adama açlyk howpy abanýar

 

BMG-nyň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň müdüri Dawid Beasleý, Ýemende 18 million adama açlyk howpunyň abanýandygyny mälim etdi.

Beasleý Ýemene guran saparyndan soň BMG-nyň Baş Assambleýasynda metbugata beren beýanatynda Ýemendäki ýagdaýa ünsi çekdi.

Ýurtda 14 milliona golaý adamyň açlyga sezewardygyny aýdan Beasleý, hassahanalardaky ýagdaýyň hem gün saýyn agyrlaşýandygyny aýtdy.

Ýemende Husiler bilen Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri tarapyndan goldanýan hökümete tabynlykdaky güýçleriň arasynda 3 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşyklarda müňlerçe adam ýogaldy.

BMG-na görä, Ýemende 22 milliondan gowrak adam gyssagly kömege mätäç.

 


Etiketkalar: açlyk , azyk önümleri , Ýemen

Degişli Habarlar