Owganystanda ýokary derejeli iki resmi öldürildi

Owganystanyň Logar welaýatynyň Baraki Barak etrabynyň häkimi we Içeri işler müdüri bombaly hüjümde ýogaldylar

Owganystanda ýokary derejeli iki resmi öldürildi

Logar welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Şahpur Ahmadzeý, Logar welaýatynyň Şir Derwaza sebitinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, Bakari Barak etrabynyň häkimi Ainuddin Han bilen etrabyň Içeri işler müdüri Azizul Rahmany daşaýan ulagyň golaýdan geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.

Logar welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Şahpur Ahmadzeý hüjümde häkim bilen müdüriň ýogalandygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: müdir , häkim , Owganystan , Logar

Degişli Habarlar