Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndaky ýangynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

ABŞ-niň Kaliforniýa ştatynda täsirli bolan tokaý ýangynlarynda ýogalan adamlaryň sany 76-a ýetdi

1090101
Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndaky ýangynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Butte sebitiniň Şerifi Kory Honea geçiren metbugat ýygnagynda, Kaliforniýanyň demirgazygynda bir dynç alynýan ýerde ýene-de 2 adamyň jesediniň tapylandygyny we şeýlelik bilen ýogalan adamlaryň sanynyň 76-a ýetendigini mälim etdi.

Honea takmynan ýene-de 1300 adamdan habar tutyp bolmaýandygyny habar berdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Kaliforniýa ştatynda ýangynyň täsir ýetiren ýerlerine baryp gördi.

Kaliforniýanyň demirgazygynda dowam edýän we takmynan 570 ind kilometre ýaýran ýangyn, 11 müňden gowrak bina zeper ýetirdi.

Resmiler, ştatyň günortasynda dowam edýän ýangynda hem 450 bina zeper ýetendigini habar berdi.

Ştatyň günortasynda dowam edýän ýangynyň zeper ýetiren öýleriniň arasynda dünýä meşhur ýyldyzlaryň binalary hem bar.


Etiketkalar: #ABŞ , #Kaliforniýa , #ýangyn

Degişli Habarlar