Pakistan “Moskwa formatyny” goldaýar

Muhammed Faýsal ýurdunyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin döredilen ähli forumlara işjeň gatnaşýandygyny aýtdy

Pakistan “Moskwa formatyny” goldaýar

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Muhammed Faýsal ýurdunyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin döredilen ähli forumlara işjeň gatnaşýandygyny aýtdy

Muhammed Faýsal Owganystanyň resmi wekilleri bilen Talibanyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleri ýola goýan “Moskwa Formaty” barada beýannama berdi.

Faýsal geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Owganystanda çözgüt tapylmagy boýunça ylalaşandygyny beýan etdi.

Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň gepleşikler arkaly çözüljekdigini nygtan Muhammed Faýsal; “Pakistanyň wekiliýeti şol maslahatlarda Owganystandaky doganlarymyza parahatçylyk üçin edýän tagallalary barada maglumat berdi we durnuklylygyň ähli taraplaryň ylalaşygy bilen ýola goýulmagy üçin höweslendirdi. Gynansagam geçmişde parahatçylyk we durnuklylyk üçin edilen harby başlangyçlar agyr gumanitar ýitgileriň çekilmegine sebäp boldy” diýdi.

Faýsal Pakistanyň uzak ýyllardan bäri goldaýan çözgüdini “Owganlar tarapyndan, owganlaryň öňbaşçylygynda” hökmünde beýan etdi.

Bu garaýyşyň “Moskwa Formatyny” hem goldaýandygyny bellän Muhammed Faýsal; “Pakistanyň Owganystanyň parahatçylygy we durnuklylygy üçin döredilen ähli forumlara oňyn goşant goşma syýasaty bar. Moskwadaky maslahatlara hem şol syýasata laýyklykda gatnaşdyk. Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegine goşant goşup biljekdigine ynanýarys” diýdi.



Degişli Habarlar