ABŞ Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen arabaglanşykly saud arabystanly 17 adama sanksiýa goýdy

Kaşykçy jenaýatyndan 45 gün soň sanksiýa kararynyň kabul edilmegi ünsleri özüne çekdi

ABŞ Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen arabaglanşykly saud arabystanly 17 adama sanksiýa goýdy

Amerikan hökümeti saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi wakasy bilen arabaglanşykly Saud Arabystanynyň raýaty 17 adama sanksiýa goýdy.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Kaşykçy jenaýaty bilen arabaglanşykly Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň ozalky kömekçisi Saud Al Kahtana, Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsuly Muhammed Al Katibi bilen kömekçisi Mahir Mutrebe, Salah Tubaigy, Meshal Al Bostani, Naif Al Arifi, Mohammed Al Zahrani, Mansour Abahussani, Khalid Al Otaibi, Abdulaziz Al Hawsawi, Waleed Al Sehri, Thaar Al Harbi, Fahad Al Balawi, Badr Al Otaibi, Mustafa Al Madani, Saif Aş Oahtan we Tury Alş Sehra sanksiýa goýulandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň sanskiýa kararynyň çäginde ýokarda ady agzalýan şahyslaryň ABŞ-daky emlaklary saklandy we amerikaly guramalar bilen söwda taýdan gatnaşyk etmegi gadagan edildi.

Kaşykçy jenaýatyndan 45 gün soň sanksiýa kararynyň kabul edilmegi ünsleri özüne çekdi.

 



Degişli Habarlar