Taliban Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda hüjüm gurady

Talibanly başbozarlaryň Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynyň Bala Buluk etrabyndaky harby birikmä hüjüm guramagy netijesinde 40 esger ýogaldy

Taliban Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda hüjüm gurady

Farahyň Welaýat şurasynyň wekili Hair Muhammed Nurzeý, etrapdaky harby birikmä düýn gije hüjüm guran terrorçylaryň, bazadaky ähli ýaragy we ok-därini alandygyny habar berdi. 

Nurzeý bazanyň terror guramasynyň gözegçiligine geçendigini habar berdi. 

Nurzeý hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň köp sanda adasyny ýitirendigini mälim etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümiň gurama bilen gatnaşykda bolsa bazadaky 6 esgeriň kömegi bilen guralandygyny öňe sürdi. 

 


Etiketkalar: Owganystan , Taliban

Degişli Habarlar