Stoltenberg: “Ýewropa goşuny NATO alternatiw bolup bilmez”

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg dörediljek Ýewropa goşunynyň NATO alternatiw bolup bilmejekdigini aýtdy

Stoltenberg: “Ýewropa goşuny NATO alternatiw bolup bilmez”

Stoltenberg Germaniýanyň “Die Zeit” gazetine ÝB-niň öz goşunyny döretmek islegi barada beýannama berdi.

Stoltenberg Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň NATO “sözüň doly manysynda Ýewropa goşunynyň” döredilmegi barada çagyryş berip bermändigi baradaky soraga, ýewropalylaryň umumy goranyş ugrundaky tagallalarynyň NATO-daky Ýewropa böleginiň güýçlendirilmeginiň hökmanydygyny aç-açan görkezýändigini aýtmak bilen jogap berdi.

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg: “Eger şeýle bolan halatynda Ýewropanyň tagallalaryna kanagatlanma bildirýärin. Borçlaryň bölüşilmegine goşant goşar, taze harby ukyplaryň ýüze çkarylmagyna we Ýewropanyň goranyş senagatynyň dargamagynyň öňüniň alynmagyna goşant goşar. Emma Ýewropa goşuny NATO alternatiw bolup bilmez. NATO şu günki günde hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk üçin onsuz hem platformadyr. Kosowada ýa-da Egeýde bolşy ýaly” diýdi.



Degişli Habarlar