Saud Arabystany Kaşykçynyň böleklere bölünendigini boýun aldy

Saud Arabystanynyň hökümeti, Jemal Kaşykçynyň Stambuldaky başkonsullyk binasynda öldürileninden soň, jesediniň böleklere bölünip ol ýerden çykarylandygyny boýun aldy

Saud Arabystany Kaşykçynyň böleklere bölünendigini boýun aldy

Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy, Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly möhüm beýanat berdi.

2-nji oktýabrda Stambuldaky başkonsullykda bolan jenaýatda, Kaşykçynyň ölüm sebäbiniň bogulmak we adamy öldürjek derejede dermanyň ulanylmagydygyny aýdan Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy, jesediň bolsa soň böleklere bölünip, konsullyk binasyndan çykarylandygyny mälim etdi.

Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy, öldürmek baradaky buýrugyň konsullykdan berilendigini, jesediň nirdedigini anyklamak üçin derňewiň dowam edýändigini habar berdi.

Jemal Kaşykçynyň Saud Arabystanyna alyp gidilmek meýilnamasynyň şowsuz bolmagyndan soň öldürilendigini aýdan Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy wakada eli bolan 11 adamyň 5-sine ölüm jezasynyň berilmegini talap etdi.

Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy öldürmek baradaky buýrugy, gepleşikler üçin Stambula gelen toparyň başyndaky adamyň berendigini beýan etdi.

Beýanatda, şol adamlaryň biriniň konsullykdaky kameralary hatardan çykarandygy habar berildi.

Beýleki tarapdan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň maslahatçysy Saud el-Kahtana garşy kazyýet işi gozgalyp, Saud Arabystanyndan çykmagy gadagan edildi.



Degişli Habarlar