Makedoniýanyň ozalky premýer ministrlerinden Gruewski, Wengriýadan syýasy başpenalyk sorady

Makedoniýanyň ozalky premýer ministrlerinden Nikola Gruewski, Wengriýadan syýasy başpenalyk sorady

1087318
Makedoniýanyň ozalky premýer ministrlerinden Gruewski, Wengriýadan syýasy başpenalyk sorady

2006-2016-njy ýyllaryn aralygynda Makedoniýanyň Premýer ministri wezipesini ýerine ýetiren Nikola Gruewski Facebook arkaly beren beýanatynda soňky günlerde janyna uly howpyň abanýandygyny nygtady.

Gruewski beýanatynda “Men häzir Budepeştde. Wenger hökümetinden syýasy başpenalyk soradym” diýdi.

Makedoniýanyň ozalky premýer ministrlerinden Gruewski, premýer ministrligi döwründe 600 müň ýewrolyk ulagyny bikanun ýagdaýda satyn alandygy sebäpli 2 ýyl azatlykdam mahrum edilipdi.



Degişli Habarlar