Hasan Ruhani ABŞ-niň embargolaryna nägilelik bildirdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-niň ýurdyna garşy birtaraplaýyn häsýetdeki embargolar bilen ýalňyş bir ýol saýlandygyny we ýeňlişe sezewar galjakdygyny nygtady.

Hasan Ruhani ABŞ-niň embargolaryna nägilelik bildirdi

Paýtagt Tähranda Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyna gatnaşan Hasan Ruhani, döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda, ABŞ-niň birtaraplaýyn häsýetdäki embargolaryna nägilelik bildirdi. 

Ruhani: "Amerikalylar bu ýolda çürt kesik ýeňlişe sezewar galar. Saýlan ýollary ýalňyş. Sebitleýin howpsyzlyk babatynda we Eýranyň halkyna hormat goýýandyklary hakykat bolsa dogry ýol bu däl" diýdi. 

ABŞ-niň halkara dügün-nyzamy äsgermeýändigini aýdan Ruhani: "Özlerini dünýä we halkymyza masgara etdiler. ABŞ-niň embargolarynyň eziz milletimiz üçin zyýan bilen netijelenjekdigi aýdyň bir ýagdaýdyr. Eger halk tarapyndan ABŞ-niň zalym bir güýç bolandygy bilen bagly pikiri bar bolsa, şol pikir şu gün has hem anyk boldy" diýdi. 

 


Etiketkalar: Eýran , Hasan Ruhani

Degişli Habarlar