Rus oppozisioner Alekseý Nawalnynyň daşary ýurda çykmagyna rugsat berilmedi

Rus oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnyý daşary ýurda gitmek islän mahaly böwet bolunandygyny habar berdi

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnynyň daşary ýurda çykmagyna rugsat berilmedi

Alekseý Nawalnyý özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Ýewropa Adam hukuklary kazyýetindäki diňlenşige gatnaşmak üçin Fransiýa gitmek islän mahaly, Russiýadan çykmagyna rugsat berilmändigini mälim etdi.

Prokuraturanyň kararyna laýyklykda howa menzilinden çykmagyna rugsat berilmändigini aýdan Alekseý Nawalnyý, özüne düşündiriş berilmändigini beýan etdi.

Ýewropa Adam hukuklary kazyýetinde geçiriljek kazyýet diňlenşiginde, Alekseý Nawalnyýnyň Russiýada ençeme gezek göz tussaglygyna alynmagynyň syýasy sebäpleriniň bolup-bolmandygy bilen bagly kararyň aýan edilmegine garaşylýardy.



Degişli Habarlar