Ruhani: “Eýranyň halky ozalkysyndan has umytly”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň 5-nji noýabrdan soňky tamasynyň puja çykandygyny, Eýranyň halkynyň uzalka görä has umytlydygyny aýtdy

Ruhani: “Eýranyň halky ozalkysyndan has umytly”

Hasan Ruhani paýtagt Tähranda geçirilen Ýokary Sosial Geňeşiň maslahatynda sözlän sözünde ABŞ-nyň ikinji sanksiýa tapgyrynyň täsirleri barada beýanat berdi.

Ruhani; “Käbirleri 5-nji noýabrdan soň özboluşly şertleriň ýüze çykjakdygyny we halkyň ýaşaýyş durmuşynyň ýaramazlaşjakdygyny pikir edýärdi. Emma hemmeler şol garaýyşlaryň ýalňyşdygyny gördi” diýdi.

Eýranyň Prezidenti Ruhani käbir media organlarynyň ýaramaz wakalary ulaldyp görkezýändigini we halkyň umydyny üzýändigini beýan etdi.

Ýurtda aýlykly gullukçylaryň sanksiýalar sebäpli ykdysady we güzeran görme kynçylygyny başdan geçirendigini aýdan Ruhani, olaryň çözülmejek meseleler bolmandygyny we hökümetiň gün tertibindedigini nygtady.

Ruhani zenanlaryň stadionlarda futbol bäsleşigine tomaşa etmegi baradaky diskussiýalar hakynda bolsa; “Stadionlaryň bir böleginiň zenanlara bölünip berilmeginde näme mesele bolup biler? Ol şerigada, kanunlara we Medeni ynkylaplaryň ýokary geňeşiniň kararlaryna ters gelmeýär” diýdi.



Degişli Habarlar