Putin 19-njy noýabrda Stambula gelýär

Putin Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasibetli Stambulda geçiriljek dabara gatnaşar

Putin 19-njy noýabrda Stambula gelýär

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 19-njy noýabrda Stambula geljekdigi habar berildi.

Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Izwestiýa gazetine beren beýanatynda, Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasibetli Stambulda geçiriljek dabara gatnaşjakdygyny aýtdy.

Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasy, rus gazynyň Garadeňizden we Türkiýeden üstaşyr Ýewropa akdyrylmagyny meýilleşdirýär.

2015-nji ýylda gurluşygyna başlanan taslamanyň 2019-njy ýylda ulanylmaga berilmegi maksat edinilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar