“Eýrandaky tussaglaryň 70 göterimi neşe bilen bagly günäkärlerden ybarat”

Eýranyň Kazyýetiniň başlygy Sadyk Larijani ýurtdaky tussaglaryň 70 göteriminiň gönüden ýa-da aýlawly ýollardan neşe bilen bagly jenaýatlara goşulyşandygyny aýtdy

1086542
“Eýrandaky tussaglaryň 70 göterimi neşe bilen bagly günäkärlerden ybarat”

Larijani paýtagt Tähranda geçirilen Ýokary kazyýet geňeşiniň maslahatynda sözlän sözünde, tussaghanalarda bar bolan kynçylyklar barada durup geçdi.

Tussaghanalardaky tussaglaryň 70 göteriminiň gönüden ýa-da baglanşykly şertlerde neşe jenaýatçysydygyny aýdan Larijani, meseläniň çözülmelidigini beýan etdi.

Jenaýatçylaryň jemgyýete we ýurduň howpsyzlygyna zyýan ýetirmeginiň öňüni almak üçin tussag edilýändigini aýdan Larijani, şeýle raýatlaryň boşadylmagynyň beýleki raýatlaryň zyýan çekmegine sebäp boljakdygyny nygtady.

Larijani, ähli tussaglaryň zyýanly adamlar bolmandygyny we kazyýetiň şeýle tussaglaryň jezalaryny azatlykdan mahrum edilmekden başga şertlerde çekmegini üpjün edip biljekdigine ünsi çekip; “Tussaglar hem şeýle bolan halatynda ruhy we sosial taýdan özlerini kämilleşdirmäge pursat tapar” diýdi.

Eýranyň Kazyýetiniň başlygy tussaghanalara alternatiw görnüşde tapyljak çözgüdiň ýurtdaky jenaýatlaryň sanyny azaldyp biljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar