Hindistanda bombaly hüjüm guraldy

Gozgalaňçylar sebitde soňky 2 hepdäniň dowamynda başgda 2 aýry hüjüm gurapdylar

Hindistanda bombaly hüjüm guraldy

Hindistanda üstümizdäki hepde ýerli saýlawlaryň geçiriljek ýeri bolan ýurdyň Çhattisgarh welaýatyndaky Dantewada sebitinde awtobuslaryň birine guralan bombaly hüjümde 5 adam ýogaldy. 

Maojy gozgalaňçylar asuda ilaty we harbylar daşaýan awtobusa bombaly hüjüm guradylar. 

Polisiýa gullugy hüjümde asuda ilatdan 4 adamyň we 1 harbynyň ýogalandygyny, 2 esgeriň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Gozgalaňçylar sebitde soňky 2 hepdäniň dowamynda başgda 2 aýry hüjüm gurapdylar, hüjümlerde jemi 7 adam ýogalypdy. 

 


Etiketkalar: bomba , hüjüm , Hindistan

Degişli Habarlar