Dünýä Liderleri ýekşenbe güni Parižde jemlenişerler

Fransiýanyň paýtagty Parižde, Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygynda I Jahan urşynyň tamamlanmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäre bilen Pariž Parahatçylyk forumyna 70-den gowrak ýurdyň Döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşar

Dünýä Liderleri ýekşenbe güni Parižde jemlenişerler

Antanta ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda 1918-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gol çekişilen ylalaşyk bilen, I Jahan urşyny resmi ýagdaýda bitiren Parahatçylyk gününiň 100-nji ýyllygy mynasybetli üstümizdäki hepdäniň ýekşenbe güni Şanzeliza köçesinde ýerleşýän Ýeňiş we Näbelli esger ýadygärliklerinda hatyralama çäresi geçiriler. 

Türkiýä Prezident Rejep Taýýip Erdogan wekilçilik etjek çärä ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý dagylar gatnaşar. 

Liderler hatyralama çäresinden soň, Ýelizeý köşgünde Fransiýanyň Prezidenti Makron tarapyndan beriljek günortan naharynda bir ýere jemlenişerler. 

Çärä gatnaşjak liderleriň mundan başgada ilkinji gezek geçiriljek Pariž parahatçylyk forumyna gatnaşmaklaryna garaşylýar. 

Prezident Erdoganyň saparyň çäginde käbir ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegi göz öňünde tutulýar. 

 



Degişli Habarlar