Asada tabynlykdaky güýçleriň Soçi ylalaşygyna garamazdan Idlibde guraýan hüjümleri dowam edýär

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler bilen tarapdary daşary ýurtly terrorçy toparlarynyň Soçi ylalaşygyna garamazdan Idlibiň günortasynda guraýan hüjümleri dowam edýär

Asada tabynlykdaky güýçleriň Soçi ylalaşygyna garamazdan Idlibde guraýan hüjümleri dowam edýär

Asada tabynlykdaky güýçler bilen Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy toparlary, Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän we Soçi ylalaşygyna görä, agyr ýaraglardan saplanan  etrapçadaky asuda ilata garşy agyr ýaraglar bilen hüjüm edýär.

Idlibiň günortasynda ýerleşýän Maaretinuman we Jerjenes etrapçalary bilen Tüh we Gadfe obalaryna top atylýar.

Hüjümler sebäpli Jerjenaz etrapçasynda Juma namazynyň kylynmajakdygy habar berildi.

17-nji sentýabrda Türkiýe bilen Russiýa tarapyndan gazanylan Soçi ylalaşygyna gamarazdan guralýan hüjümlerde häzire çenli asuda ilatdan 25 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Asada tabynlykly güýçler ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirýär, oppozisionerler bolsa ylalaşyga laýyklykda 10-njy oktýabrda agyr ýaraglaryny sebitden çekipdi.

 



Degişli Habarlar