Täjigistanda tussaghanada gozgalaň turdy

Täjigistanyň Hüjent şäherindäki tussaghanada bolan gozgalaňda 2 howpsyzlyk gullkçysy we 25 tussagly ýogaldy

Täjigistanda tussaghanada gozgalaň turdy

Täjigistanyň metbugatynda berilen habarlara görä, ýurdyň Hüjent şäherinde ýerleşýän ýurdyň iň uly 2-nji tussaghanasynda düýn gozgalaň turdy.

Howpsyzlyk işgärleriniň ýaraglaryny ele salan tussaglylaryň daş-töwerege od açmagy netijesinde 2 howpsyzlyk gullkçysy we 25 tussagly ýogaldy.

Gozgalaňyň ýörüteleşdirilen harby toparlar tarapyndan ýatyrylandygyny habar beren resmiler, gozgalaňyň terror guramasy DAIŞ-e agza bolan tussaglylar tarapyndan başladylandygyny mälim etdiler.



Degişli Habarlar