Russiýa ABŞ-niň sanksiýalaryna garşy göçüm etmäge taýýarlanýar

Russiýa ABŞ-niň täze sanksiýalaryna garşy göçüm etmäge taýýarlanýar

Russiýa ABŞ-niň sanksiýalaryna garşy göçüm etmäge taýýarlanýar

Russiýanyň Maliýe ministriniň orunbasary Sergeý Storçak, ABŞ-niň Russiýanyň döwlet bergisine garşy sanksiýa girizen halatynda, halkara platformalarda karara nägilelik bildirjekdiklerini mälim etdi. 

Storçak Moskwada žurnalistlere beren beýanatynda, ABŞ-niň Russiýanyň döwlet bergilerine garşy girizmek isleýän sanksiýalary bilen bagly maglumata eýe däldiklerini habar berdi. 

ABŞ-niň ady agzalan sanksiýa kararyny kabul eden halatynda tapawutly halkara platformalarda karara nägilelik bildirjekdiklerini aýdan Storçak: "Başda G20 we Maliýe durnuklylyk gözegçilik geňeşi ýaly platformalarda, ABŞ-niň hökümetiniň kararyna nägilelik bildireris" diýip nygtady. 

ABŞ-niň Gazna ministrligi, Russiýanyň döwlet bergileri bilen bagly maliýe hereketlerini gadagan etmek we Russiýanyň iň uly banklarynyň dollaryň üsti bilen operasiýa ýerine ýetirmek ýaly çäklendirmeleri şu aýyň dowamynda kabul edip biljekdigini habar beripdi. 

 


Etiketkalar: sanksiýa , Russiýa , ABŞ

Degişli Habarlar