Russiýa: “ABŞ-daky araky saýlawlaryň netijeleri garaşyşymyz ýaly çykdy”

Russiýanyň Prezidenti Putiniň Daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow ABŞ-nyň Kongresiniň araky saýlawlarynyň netijesiniň garaşylşy ýaly bolandygyny aýtdy

Russiýa: “ABŞ-daky araky saýlawlaryň netijeleri garaşyşymyz ýaly çykdy”

Uşakow žurnalistlere ABŞ-da geçirilen araky saýlawlaryň resmi däl netijeleri barada garaýyş beýan etdi.

Uşakow: “Saýlawlaryň netijesi hemmeler üçin ortaça garaşylşy ýaly boldy. Amerikanyň syýasy tejribesine ser salanymyzda başgaça netijäni çaklamak kyn bolardy” diýdi.

Ýuriý Uşakow; “Saýlawlaryň Russiýa-Amerika gatnaşyklaryna ýetirjek täsirleri barada aýdanymyzda, onuň gatnaşyklara nähili täsiriniň boljakdygyna garaşmaly bolarys” diýdi.

Amerikan Kongresiniň araky saýlawlarynda resmi däl netijelere görä Respublikan partiýa Senatdaky köplügini gorap saklan bolsa, Wekiller palatasynda köplügi Demokratlar eýeläpdi.



Degişli Habarlar