ABŞ-nyň Adalat ministri wezipesinden çekildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adalat ministri Jeff Seşns wezipesinden çekildi

ABŞ-nyň Adalat ministri wezipesinden çekildi

Jeff Seşns, Prezident Donald Trampyň islegine laýyklykda wezipesinden çekilendigini mälim etdi.

Jeff Seşns: “Hormatly Prezident, siziň islegiňize laýyklykda wezipämden çekilmek baradaky arzamy berýärin. Maňa bu hormatly wezipäni ynanandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin” diýip habar berdi.

Ministr wezipesinde işlän mahaly uly isleg bilen işländigini aýdan Jeff Seşns, ähli egindeşlerine sag bolsun aýtdy.

Beýleki tarapdan özüniň Twitter hasabyndan mesele bilen bagly beýanat beren Tramp: “Adalat ministri Jeff Seşnse eden işlerine minnetdarlyk bildirýärin we özüne iň gowy dileglerimi iberýärin. Bu wezipä kimiň bellenjekdigi öňümizdäki günlerde kesgitlener” diýip mälim etdi.

Tramp Jeff Seşnsyň ýerine Adalat ministrliginiň resmilerinden Metýu Uitakeriň bu wezipäni wagtlaýyn öz üstüne aljakdygyny beyan etdi.  



Degişli Habarlar