Owganystanda raketaly we bombaly hüjümler guraldy

Hüjümleriň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy

1077171
Owganystanda raketaly we bombaly hüjümler guraldy

Owganystanyň Prezidenti Eşref Ganiniň saparda bolýan ýurdyň günortasyndaky Helmand şäherinde raketaly we bombaly hüjümler guraldy.

Helmand welaýatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Abdul Salam Afgan, Eşref Gana we ýanyndaky wekiliýete hüjümde zyýan ýetmändigini habar berdi.

Şaýatlar bolsa atylan 3 raketanyň biriniň Eşref Ganiniň galýan myhmanhanasynyň ýanyna degendigini öňe sürdiler.

Beýleki tarapdan howpsyzlyk gullugynyň resmileri raketa hüjümlerinden soň, şäheriň merkezinde partlama bolandygyny habar berdiler.

Hüjümleriň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy.


Etiketkalar: #Owganystan , #hüjüm , #Helmand

Degişli Habarlar