Putin Ukraina käbir ykdysady çäklendirmeler boýunça permana gol goýdy

Ukrainanyň Russiýa garşy “duşmançylykly” çemeleşmesi sebäpli käbir ukrain firmalaryna we raýatlara garşy çäklendirme goýlar

Putin Ukraina käbir ykdysady çäklendirmeler boýunça permana gol goýdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukraina garşy käbir ykdysady çäklendirmeleriň taýarlanmagy baradaky permana gol çekdi

Kremlden berilen beýannamada Ukrainanyň Russiýa garşy “duşmançylykly” çemeleşmesi sebäpli käbir ukrain firmalaryna we raýatlara garşy çäklendirmelerin taýarlanmagy baradaky permanyň Putin tarapyndan tassyklanandygy habar berildi.

Ukraina garşy çäklendirmeleri taýarlamak boýunça ygtyýar berilen rus hökümeti permana laýyklykda ykdysady çäklendirmeleriň goýuljak firmalaryň we raýatlaryň sanawyny düzer.

Russiýanyň Krymy anneksirlemegi we Ukrainanyň gündogarynda ýüze çykan dartgynlyk sewäpli resmi Kiýew 2014-nji ýyldan bari resmi Moskwa garşy dürli ykdysady çäklendirmeler getirdi. Şol çäklendirmeleriň arasynda Russiýanyň gündogardan tebigy gaz importynyň bes edilmegi, rus banklaryna goýulan gadagançylyklar we iki ýurduň arasyndaky howa gatnawynyň çäklendirilmegi ýaly çäreler bar.


Etiketkalar: çäklendirme , Russiýa , Ukraina

Degişli Habarlar