Jubeýr: “Kaşykçynyň öldürilmeginden Mirasdüşer Şazada Salmanyň habary ýok”

Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Fox Nýus” habarlar ýaýlymyna beýanat berdi

Jubeýr: “Kaşykçynyň öldürilmeginden Mirasdüşer Şazada Salmanyň habary ýok”

Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr Fox Nýus” habarlar ýaýlymyna beýanat berdi

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr žurnalist Jemal Kaşykçynyň ýurdunyň Stambuldaky Başkonsullygyndan öldürilmeginden Mirasdüşer Şazada Salmanyň habarly bolmandygyny öňe sürdi.

Adil Al Jubeýr ABŞ-nyň “Fox Nýus” habarlar ýaýlymyna beren beýanatynda Mirasdüşer Şazada Muhammed Bin Salmanyň žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatyndan habarly we jogapkär bolmandygyny öňe sürdi.

Kaşykçynyň öldürilmegine gatnaşan adamlaryň Mirasdüşer Şazada Salmana ýakyn adamlardygyna garamazdan Salmanyň wakadan habarsyz bolup biljekdigi barada soraga jogap beren Jubeýr, olaryň Şazada ýakyn bolmandygyny öňe sürdi.

Jubeýr; “Mirasdüşer Şazada bu habarlaryň hakykata gelmeýändigini beýan etdi we ondan habary ýokdy. Şol adamlar howpsyzlyk meseleleri bilen gyzyklanýan adaty howpsyzlyk gullukçylary. Bu waka olaryň ygtyýarlaryna we borçlaryna laýyk hereket etmedigini görkezýär. Kaşykçyny Konsullykda öldürmek bilen uly ýalňyşlyk etdiler we ony gizlemäge synanşdylar” diýdi.

Ministr Jubeýr “60 ýaşly žurnalist 15 sany howpsyzlyk gullukçysyna nähili garşy durdy” diýlen soraga bolsa, “Wakanyň bolan mahaly 15 adamyň ählisiniň konsullykdadygyny pikir edemok. Topardaky adamlary seljerýäris, nähili duşuşandyklaryny öwrenýäris” diýdi.



Degişli Habarlar