Trampyň wekili Russiýa gidýär

Bolton Twitter arkaly beren beýanatynda şu gün Russiýa gitjekdigini mälim etdi

Trampyň wekili Russiýa gidýär

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Bolton şu gün ýokary derejeli gepleşikler geçirmek üçin Russiýa gidýär.

Bolton Twitter arkaly beren beýanatynda şu gün Russiýa gitjekdigini mälim etdi.

Bolton beýanatynda “Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew bilen birlikde ýokary derejeli rus ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin Moskwa giderin. Duşuşyklar iki ýurduň arasynda Helsinkide başlan gepleşikleriň dowamy bolar” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin iýul aýynda Finlandiýanyň paýtagty Helsinkide duşuşypdy.

 


Etiketkalar: wekil , Russiýa , ABŞ

Degişli Habarlar