ABŞ Russiýa bilen baglaşan “Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan” çekiler

"Russiýa şertnama sarpa goýmady we şol sebäpli hem şertnamadan çekileris”

1072636
ABŞ Russiýa bilen baglaşan “Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan” çekiler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdunyň Russiýa bilen baglaşan “Orta aralykly atom güýçler şertnamasyndan” çekiljekdigini mälim etdi.

Tramp Newada ştatynda eden saýlaw çykyşyndan soň metbugata beren beýanatynda, Russiýanyň şertnamany basgylaýandygyny nygtady we “Russiýa birnäçe ýyldan bäri şertnamany basgylamaga dowam edýär. Ozalky Prezident Barak Obamanyň näme üçin şertnamadan çekilmändigini bilmeýärin” diýdi.

Russiýanyň şertnamany basgylamagyna we ABŞ-nyň rugsat bermeýän ýaraglaryny öndürmegine rugsat bermejekdiklerini aýdan Tramp “ Biz şertnama sarpa goýduk emma gynansakda Russiýa şertnama sarpa goýmady we şol sebäpli hem şertnamadan çekileris” diýip belledi.

Tramp, Russiýa we Hytaý bilen täze şertnama baglaşylman halatynda ABŞ-nyň öz ýaragyny öndürjekdigini aýtdy.

ABŞ bilen Russiýa, 1987-nji ýylda Waşingtonda Ýewropadaky we Uzak Gündogardaky hyzmatdaşlaryny goramak maksady bilen Orta aralykly atom güýçler şertnamasyny baglaşypdy.

Şertnama Russiýa bilen ABŞ-nyň menzili 300-3400 mil bolan gury ýerden atylan raketa almagyny, öndürmegini ýada synagdan geçirmegini gadagan edýär.

ABŞ Russiýany ýygy-ýygyndan şertnamany basgylamakdan günäkärleýär.



Degişli Habarlar