Saud Arabystany Jemal Kaşykçynyň ölendigini boýun aldy

Saud Arabystanynyň hökümeti, 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygyna gireninden soň, dereksiz ýiten saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň konsullyk binasynda bolan gowganyň netijesinde ölendigini boýun aldy

Saud Arabystany Jemal Kaşykçynyň ölendigini boýun aldy

Saud Arabystanynyň SPA habarlar agentliginde berilen habarda, Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy tarapyndan geçirilýän derňew işiniň netijesinde, Jemal Kaşykçynyň Stambuldaky Başkonsullyga baran mahaly, ol ýerdäki Saud Arabystanynyň beýleki raýatlary bilen jedelleşmäge başlandygy, jedelleşigiň gowga öwrülendigi we onuň netijesinde Kaşykçynyň ölendigi mälim edildi.

Saud Arabystanynyň Baş Prokuraturasy derňew işiniň dowam edýändigini we waka bilen bagly Saud Arabystanynyň 18 raýatynyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmeginde eli bolan her kimden hasap soraljakdygyny we adalatyň öňüne çykaryljakdygyny aýdan Baş Prokuratura tapylan ähli subutnamalaryň paýlaşyljakdygyny we jogapkärleriň adalatyň öňüne çykaryljakdygyny beýan etdi.

Beýleki tarapdan Saud Arabystany, Türkiýäniň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda Kaşykçy wakasy bilen geçirilýän derňew etabynda orta goýan ýokary raýdaşlyga ähmiýet berýändiklerini belledi.

Saud Arabystanynyň hökümeti türk resmileriniň şübhe astynda bolan adamlar bilen bagly paýlaşan maglumatlarynyň Kaşykçy wakasynyň derňelmegine goşant goşandygy mälim edildi.

Mundan başgada çap edilen Şanyň kararnamasy bilen Saud Arabystanynyň Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Ahmed Asiriniň hem aralarynda bolan ýokary derejeli 5 ýolbaşçynyň wezipesinden boşaldylandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar