Jemal Kaşykçynyň öldürilmegine bildirilýän reaksiýalar artýar

Saud Arabystanynyň, saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň Stambuldaky başkonsullykda gowganyň netijesinde ölendigini boýun alanyndan soň bildirilýän reaksiýalar barha artýar

Jemal Kaşykçynyň öldürilmegine bildirilýän reaksiýalar artýar

Ýewropa Parlamendiniň başlygy Antonio Tažani, Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly maglumatlaryň aýan edilmelidigini belledi.

Tažani sosial media hasabyndan: “Gyssagly ýagdaýda Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi bilen bagly subutnamalarynyň derňelmegini üpjün etjek halkara derejede derňew topary döredilmeli” diýdi.

Halkara Günä geçişlik guramasy, Saud Arabystanynyň geçirýän derňewiniň aklanmak üçin ediljek işlere öwrülmegine alada bildirýändigini belledi.

ÝUNESKO-nyň Baş sekretary Odri Azulaý öz gezeginde, Kaşykçynyň ganhoryny iň agyr ýagdaýda ýazgarýandygyny belläp, resmilere wakanyň giň gerimli ýagdaýda derňelip, günälileriň adalatyň öňüne çkarylmagyna çagyrdy.

Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bolsa, ençeme soragyň jogapsyz galandygyny nygtap: “Giňişleýin bir derňew geçirilmeli” diýdi.

Britaniýa hem Saud Arabystanynyň Kaşykçynyň konsullykda ölendigini aýan etmeginden soň mundan soň ediljek ädimleri ele alýandyklaryny habar berdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas bolsa Kaşykçynyň dereksiz ýitmegi bilen baglanşykly geçirilýän derňew işleriniň tamamlanmagyndan soň ÝB-däki hyzmatdaşlary bilen birlikde oňa reaksiýa bildirjekdiklerini habar berdi.

Saud Arabystanynyň hökümeti, 2-nji oktýabrda Stambuldaky Başkonsullyga gireninden soň, dereksiz ýiten Kaşykçynyň konsullyk binasynda bolan gowganyň netijesinde ölendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar