Hindistanda ýolagçy otlusy ýygnanan adamlaryň üstünden geçdi

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 58 adam ýogaldy

Hindistanda ýolagçy otlusy ýygnanan adamlaryň üstünden geçdi

Hindistanyň Penjap welaýatynda bir ýolagçy otlusynyň, festiwal üçin relsleriň golaýynda ýygnanan adamlaryň üstünden geçmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 58 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy.

Amritsar şäherinde, şäherara otly gatnawlaryny ýerine ýetirýän ýolagçy otlusy hindiler tarapyndan mukaddes hasapalanýan Dussehra baýramy üçin ýakylýan ägirt uly kuklany görmek üçin relsleriň golaýynda ýygnanan adamlaryň arasyndan geçdi.

Şaýatlar şol bir wagtda beýleki tarapdan gelýän başga bir otlynyň gaçyş ýollaryny ýapmagy netijesinde, köp sanda adamyň otlynyň aşagynda galandygyny habar berdiler.

Welaýatyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary häzirki wagta çenli 58 adamyň jesediniň tapylandygyny mälim etdi.

Wakada ýaralanan 50-ä golaý adamyň bolsa golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alynandygy beýan edildi.

Wakada adam ýitgileriniň artmagyna alada bildirilýär.


Etiketkalar: otly , Hindistan

Degişli Habarlar